BILIM

Türkmen talyplary internet olimpiadada ýeňiji boldular

Türkmen talyplary iňlis dili boýunça geçirilen halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýelediler. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Fransiýadan, Angliýadan, Bangladeş Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan bäş ýüzden gowrak talyp gatnaşdy. Umuman kyrk gowrak ýurduň wekili öz bilimlerini görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunda Türkmenistan reýting tablisasynyň iň ýokarky setirine çykdy. Ikinji we üçünji ýerleri degişlilikde Russiýa we Azerbaýjan eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: