BILIM

Türkmen okuwçylary onlaýn olimpiadada üstünlik gazandylar

Şu ýylyň 10 — 18-nji iýuly aralygynda onlaýn görnüşde geçirilen 54-nji halkara himiýa olimpiadasyna Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşdy we dört okuwçy dürli derejeli medallara mynasyp boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň guramagynda geçirilen bu olimpiada dünýäniň 83 döwletinden zehinli okuwçylaryň 326-sy gatnaşdy. Himiýa dersinden geçirilýän bu olimpiada bu ýyl diňe nazary bilimler boýunça bir tapgyrda guraldy. Olimpiadanyň netijesi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Dawut Muhammetgulyýew altyn medala, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan 11-nji synp okuwçysy Nyýazmuhammet Begençmuhammedow, 10-njy synp okuwçysy Ýakup Annaorazow kümüş medala, şu mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begzada Annaýew bolsa bürünç medala mynasyp boldy.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: