BILIM

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin onlaýn-umumy sapaklarн gurar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Gepleşikler prosesleri, käre ussatlyk we parahatçylyga hem-de howpsuzlyga ýardam etmäge inklýuziw gatnaşyk» temasyndan onlaýn-umumy sapaklar tapgyryny geçirýär. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Sapaklara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşýarlar. Okuw treninglerine ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary-da goşulýarlar.

Ýokary okuw mekdepleriň wekilleri bilen wideoaragatnaşyga halkara bilermenler Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň, ABŞ-nyň diplomatlary gatnaşýarlar. Sapaklar iňlis we rus dillerinde geçirilýär.

Çäre Türkmenistanyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň şu ýyldaky bilelikdäki maksatlaýyn taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: