JEMGYÝET

Daşoguzly lukmanlara täze ýaşaýyş jaýlary

S.A.Nyýazow adyndaky etrapda saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän lukmanlary, şepagat uýalary üçin niýetlenen has oňaýly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi.

Täze, döwrebap hassahanalaryň golaýynda ýerleşýän 4 gatly, her biri 24 öýli bu iki jaýyň gurluşyk işleri «Türkmen çarwa» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy. Jaýlardaky dört otagly öýleriň umumy meýdany 200 inedördül metrden gowrakdyr, üç otagly öýleriň meýdany bolsa 170 inedördül metre golaýdyr. Ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylyp, olarda çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: