«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda öndürilýän önümlere daşary ýurtlarda hem isleg uly. Bu barada «Rysgal» gazeti ýazýar.
Hususy kärhananyň önümçilik bölümi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde egin-eşik we mebel üçin nah pagta, gaplama üçin nah ýüplükden kendir mata, nah ýüplükden kendir görnüşli watin öndürilýär. Kärhanada ýylda buýurmalar esasynda 2 müň tonnadan gowrak önüm öndürilýär. Kärhanada öndürilen önümler Gyrgyz Respublikasyna we Türkiýe Respublikasyna eksport edilýär.