YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişiniň möçberi 35 göterim artdyryldy  

Lebap welaýatynda ýylyň başyndan bäri ilatyň sarp edýän harytlarynyň 3 milliard 983,5 million manatlygy öndürildi. Bu geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35 göterim köpdür.

Diňe geçen aýda etiň 10,1 müň tonnasy, süýt we süýt önümleriniň 46 müň tonnasy sarp edijilere ugradyldy. Şonuň ýaly-da, çöregiň we çörek önümleriniň 106,5 müň tonnasy, unuň 107,4 müň tonnasy öndürildi. Önümleriň möçberiniň artdyrylmagy ilatyň gündelik sarp edýän harytlara bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: