YKDYSADYÝET

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti önümleriň 1200-den gowrak görnüşini öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginden we karz serişdelerinden netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumlarynyň birini döretmegi başardy, «Watan» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda jemgyýetiň önümçilik toplumlarynyň 3-sinde işler alnyp barylýar. Bu ýerde önümleriň 1200-den gowrak görnüşi öndürilýär. Şolaryň hatarynda polietilen, polipropilen önümleriniň dürli görnüşleri, plastikden taýýarlanylýan agyz suw we lagym turbalary, olaryň birikdirijileri, şeýle hem asma potoloklar, penjireler, gapylar, profiller we beýlekiler bar. Bu önümleri diňe bir içerki bazarda satylman, eýsem, goňşy ýurtlaryň ondan gowragyna eksport hem edilýär. Toplumyň düzümindäki «Derýakeramika» kärhanasynda hem ýokary hilli sanfaýans önümleri öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: