«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäginde şu ýyl Lebap welaýatynda düýpli maýa goýumlarynyň 234,32 million manadyny özleşdirmek bellenilipdi. Eýýäm ýylyň geçen on aýynda bu baradaky ýyllyk meýilnama 141,2 göterim berjaý edildi. Şonda düýpli maýa goýumlarynyň 331 million manada golaýy özleşdirildi.
Şu ýylda düýpli maýa goýumlarynyň 116,8 million manady ýaşaýyş jaýlarynyň, 78,9 million manady orta mekdepleriň, 66,7 million manady hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we saglyk merkezleriniň, 27,4 million manady suw we lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Oba milli maksatnamasynyň çäginde şu ýylyň geçen aýlarynda welaýatda ähli amatlylyklary bolan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň 66,6 müň inedördül metri guruldy.
