Türkmen kompaniýasy «GÖRK» filament lampalary elektrik energiýasyny 10 esse az sarp edýärler
«Abat şekil» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda öndürilýän «GÖRK» haryt nyşanly filament lampalary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen kärhanada filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Geçen aýda LED filament lampalarynyň täze, A-60, E-27 görnüşiniň öndürilip başlanmagy bilen, olaryň sany artdy.
Hytaýyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň her aýda 300-400 müň lampa öndürmäge mümkinçiligi bar. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary ulanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýigrimiden gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. «GÖRK» filament lampalary elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýär, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýar. Bu önüm taýýarlananda, adam saglygyna zyýanly metallar, goşundylar ulanylmaýandygyny aýratyn bellemek mümkindir. Ulanyş möhletiniň uludygy hem önümiň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Ol simapsyz bolup, ulanylan wagtynda daş-töweregine hiç hili zäherleýji maddalary bölüp çykarmaýar.