YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda demir ýol köprüsi gurulýar

«Demirýollary» AGPJ «Türkmendemirýollary» Agentliginiň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, demir ýoluň 4975-nji kilometrinde, 112-nji geçelge bilen Uzynsuw stansiýasynyň aralygynda täze köpri gurýar. Döwrebap ýol desgasy 120 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylyp gelýän demir köprüniň ornuna gurulýar. Täze desga has köp suw geçirijiligi, seýsmiki durnuklylygy we ulanyşda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň köpri bölegi 100 metrden gowrak bolup, umumy uzynlygy 1900 metre barabardyr.

Sil akymynyň ýolunda gurulýan köprüniň taslamasyny «Türkmendemirýollary» taslama-barlag instituty taýýarlady. Täze köprüniň işe girizilmegi bilen bu ýerde otlularyň ortaça tizligi has ýokarlanar.

Häzirki wagtda köpri gurujylar dört sütüniň esasyny berkitdiler we kese berkidijileri armirleýärler, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: