YKDYSADYÝET

«Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini bir gije-gündizde 5,5 million kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer  

18-nji iýunda işe girizilen«Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini bir gije-gündizde 5,5 million kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow desganyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Indi «Kiştiwan», «Günbatar Kiştiwan», «Gadyn», «Eljik», «Gündogar Eljik» känlerinden ýygnalan tebigy gaz «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitiniň üsti bilen Hytaýa iberiler.

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasyna bir gije-gündizň dowamynda Türkmenistandan 20 million kub metr gaz akdyrylýar. Bu meýilnama göz öňünde tutulanyndan 5 million kub metr kändir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: