JEMGYÝET

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana açyldy

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Bu günki şanly waka ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. Halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy «Döwlet adam üçindir!» şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýаn ugrudyr.

Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň ähmiýetli üstünlikleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: