YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda şu güne çenli güýzlük bugdaý 52,7 müň gektar meýdana ekildi

Gallaçylar gowy hilli tohumlyk bugdaý bilen üpjün edilýär. Olaryň arasynda bu ekiniň täze sortlary hem bar. Üstümizdäki ýylyň ekişi üçin Russiýa Federasiýasyndan bugdaýyň ýokary berýän «Alekseiç» we «Bezostyý ― 100» sortlarynyň saýlantgy tohumlary getirildi. Olary welaýat boýunça jemi 27204 gektar meýdana ekmek meýilleşdirilýär. Lebaply gallaçylar ekişi guramaçylykly alyp barýarlar. Bu möhüm iş her günde 2 müň gektardan gowrak meýdanda talabalaýyk geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: