JEMGYÝET

Ýylyň iň gowy telekeçileriniň atalary mälim boldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy telekeçileriniň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemi jemlendi, diýip, «business.com.tm» habar berýär. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan «Derýaplastik», «Ak bulut», «Zamana», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri, «Batly gadam», «Çaly» hususy kärhanalary bilen birlikde, «TSTB-niň baýry halypa işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolan Kakajan Täşliýew, Artykguly Rejepow, Rozmyrat Töräýew, Nurmuhammet Gapurow ýaly tejribeli işewürler hem bar. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: