BILIM

Türkmen hünärmenleri «Garagum» diýip atlandyrylan şrift işläp taýýarladylar

«Monotype» kompaniýasy özüniň «Myfonts» platformasynda ilkinji gezek Türkmenistanda işlenilip taýýarlanylan şrifti satuwa çykardy, diýip, «Бизнес Туркменистан» habarlar agentligine salgylanmak bilen, «centralasia.news» habar berýär.

Bu şrift «Garagum» diýip at berdiler. Ol «Belli Creative»-niň ekspertleri tarapyndan dört aýyň dowamynda taýýarlanyldy.

«Belli Creative»-niň saýtynda «Garagum» şriftiniň estetiki aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada gürrüň berýän ýörite bölümiň bardygy barada habar berilýär.

«Garagum» şriftiniň 238 glifi (ýazuwyň elementi), 13 sany alternatiw harpy we özünde diakritiki häsiýetleri (üstünde goýlan belgi harpy başgaça okamalydygy aňladýar) jemleýän ligaturanyň (bir ýazuw belgisi bilen iki we ondan hem köp harpy görkezýän) birnäçe tehniki häsiýetleri bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: