SPORT WE SYÝAHAT

ABŞ we ýene-de birnäçe ýurt Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna boýkot yglan etdiler

ABŞ we ýene-de birnäçe ýurt başlanmagyna sanalgyja aý galan Peinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna boýkot yglan etdiler. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

2022-nji ýylyň fewralynda Hytaýyň paýtagtynda Olimpiýa oýunlar geçiriler. Ýaryşlar fewral aýynyň 4-ünden 20-isine çenli bolar. Bu Pekini taryhda birinji gezek hem tomusky, hem gyşky ýaryş;ary kabul eden şähere öwrer.

Dekabryň başynda ABŞ-da Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna diplomatiki boýkot yglan edýändigini mälim etdi. Ak öýde beýan edişlerine görä, bu karar türgenlere degişli däl. Boýkota Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Kanada, Slowakiýa hem goşuldylar. Ýöne bir ýurt hem toparlaryny Pekine gitmejekdiklerini yglan etmedi.

ABŞ-niň Milli olimpiýa komiteti boýkota düýpgöter garşy çykdy. Rimdäki soňky duşuşygy wagty G20-niň liderleri Oýunlary geçirmegiň tarapdarydygyny aýtdylar.  Oýunlara BMG-niň baş direktory Antoniu Guterriş gatnaşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: