BILIM

DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýene bir bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda «BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy» atly esse ýazmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Ol her ýyl 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG-niň Güni mynasybetli guralýar.

700—800 sözden durýan esse iňlis dilinde ýazylmaly. Işler 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Olary hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Bäsleşigiň jemi oktýabryň üçünji on günlüginde jemleniler.

Bäsleşik Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýalarynyň çäklerinde geçirilýär.

Bu Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirýän birinji bäsleşigi däldir. Ýakynda bu ýerde hukuk bilimleri boýunça bäsleşigiň jemini hem jemlediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: