Kanada dik fermalary gurmaga girişýär

Kanadanyň «GoodLeaf Farms» kompaniýasy Alberta ştatynyň Kalgari şäherinde täze dik fermanyň gurluşygyna başlady. 74 müň inedördül meýdany bolan ferma daşyndan serediniňde Daşardan 74 müň inedördül fut (6,8 müň inedördül metr) meýdany bolan ferma adaty ammara çalym edýär, ýöne ol adaty ammardan 50 esse kän ösümlik ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

«GoodLeaf Farm» diýlip atlandyrylýan ferma adaty ekinzarlyga garanyňda suwy 95 göterim tygşytlap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Işe başlansoň, bu ýerde 70 adama iş orny dörär.

Kompaniýanyň wise-prezidenti Jeff MakKinnonyň aýtmagyna görä, bu taslama howpsuzdyr. Onda arassa azyk önümlerini ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Kanadanyň Alberta sebitiniň ýolbaşçylary bu taslama üçin 2,73 million dollar serişde goýberer. Geljekde şeýle dik fermalary ýurduň Täze Skotiýa we Ontario sebitlerinde hem gurmak meýilleşdirilýär.

Merjen Mergenowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Adblock
detector