BILIM

Türkmenabat şäherinde iňlis dili mugallymlarynyň resurs merkezleri döredildi

Türkmenabat şäheriniň  daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji, 29-njy, 41-nji, 24-nji orta  mekdepleriniň binýadynda iňlis dili mugallymlarynyň resurs merkezleri işläp başlady. Lebap welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan döredilen merkezlerde Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriň öňdebaryjy, tejribeli  mugallymlary kärdeşleri bilen söhbetdeşlik geçirýärler, diňleýjilere iňlis dili okuw dersiniň usulyýetinden leksiýalary okaýarlar.

Merkezleriň işi ýörite taýýarlanylan meýilnamalaryň esasynda amala aşyrylýar. Olarda, esasan, mugallymlaryň hünär we dil kompetensiýalaryny kämilleşdirmeklige gönükdirilen işler göz öňünde tutulýar. Okuwlarda öwretmegiň iň netijeli usullary saýlanylyp alynýar we temalar giňişleýin beýan edilýär. Alýan bilimlerini berkitmek üçin geçilýän temalar boýunça dürli görnüşli, durmuş bilen baglanyşykly ýagdaýlar alynýar we olarda ýüze çykýan meseleleriň çözülişi toparlaýyn seljerilýär. Okuw döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, halk hojalygy, şanly seneleri, milli baýramçylyklary, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, türkmen halkynyň milli mirasy bilen baglanyşykly maglumatlar ulanylýar.

Resurs merkezleriniň binýadynda ýaş daşary ýurt dili mugallymlaryna kömek üçin audio, wideo materiallary, öňde baryjy mugallymlaryň tanyşdyryşlaryny we usuly maslahatlaryny içine alýan usuly burç döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: