BILIM

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň saýty täzelenildi

Wenada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň täzelenen internet sahypasy bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy we Jemgyýetiň döredileniniň 13 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylypdyr. Bu barada «orient.tm» saýty habar berýär.

Nemes, rus we iňlis dillerinde çykýan saýt Jemgyýetiň hyzmatdaşy «TMT Consulting Group» konsalting kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň internet sahypasy 25-den gowrak ýurduň okyjylaryny Türkmenistanyň taryhy, milli medeniýeti we ýurduň soňky gazananlary bilen tanyşdyrýar. Ol 2011-nji ýylda çykarylyp başlandy we şondan bäri yzygider täzelenilýär.