JEMGYÝET

Türkmen aýakgap öndürijileri halkara sergisine gatnaşyp bilerler

Oktýabryň 12-sinden14-ne çenli Özbegistanda gön aýakgap industriýasynyň 13-nji «UzCharmExpo-2022» Halkara sergisi geçiriler.

Ol ýylda iki gezek geçirilýär we Merkezi Aziýada iň uly sergileriň biri hasap edilýär. Onuň işine Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Hindistandan we beýleki ýurtlardan önüm öndürijileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Oňa türkmenistanly aýakgap öndürijiler hem gatnaşyp bilerler. Soňky ýyllarda ýurtda ýokary hilli aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy we olar «Röwşen», «MB Shouse», «Ýelken» we «Sada» ýaly belgiler bilen söwda nokatlaryna çykarylýar. Olaryň arasynda harytlaryny beýleki ýurtlara çykarýan önüm öndürijiler hem bar. Türkmen aýakgap çykaryjylaryň bu sergä gatnaşmagy harytlarynyň satuwa çykarylýan ýurtlarynyň köpelmegine ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: