Lebap welaýat kitaphanasynyň kitap gory köpeldi

Lebap welaýat kitaphanasyna «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplaryň 1976 sanysy gowuşdy. Mundan öň aprel aýynda täze neşirleriň 1030 sanysy getirilipdi. Netijede kitaphanada saklanylýan kitaplaryň sany 303 müňden geçdi.

Täze gelen neşirleriň bir topary şäher we etap merkezi kitaphanalaryna hem iberildi.

Şu günler bu ýerde okyjylaryň sanynyň hem artandygyny habar berdiler. Häzir olaryň sany 41 müň 200-e ýakynlapdyr. Şu günler kitaphananyň okyjylar zallary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýänlerden doly. Olaryň ýüzlerçesi bu ýerde giriş synaglaryna taýýarlyk görýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector