JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda täze sürüleriň 70-den gowragy peýda bolar

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda şu ýylyň baharynda doglan owlak-guzularyň hasabyna täze sürüleri döretmek işi dowam edýär. Möhüm işiň üstünlikli tamamlanmagy bilen hojalyklarda täze sürüleriň 70-den gowragy peýda bolar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Häzirki wagtda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň düzümindäki maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 208 müňe golaý başy bakylýar. Sähra merdanlary mallara göreldeli ideg etmek bilen birlikde olary ýyly we dok gyşlatmaga çynlakaý taýýarlyk görýärler. Ýerlerde ot-iým taýýarlamaga zerur möçberde işçi güýji we tehnikalar çekildi. Maldarlar ýakyn günlerde güýz gyrkymyna hem girişerler. Munuň üçin hem zerur taýýarlyk çäreleri durmuşa geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: