JEMGYÝET

«Ussat bagban bäsleşiginiň jemini jemlediler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goraýyş ministrliginiň bilelikde yglan eden «Ussat bagban» bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Baş baýragy Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginden gelen telekeçi Muhammet Bäşimow eýeledi. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky tokaýçylylyk bölüminiň ösümlikçilik nahalhanasynyň işgäri Amangeldi Bazarow birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň baş bagbany Aşyrbaý Bäşimowa (Daşoguz şäheri) berdiler. Üçünji orny Sünt Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Çaryýar Tagiýew eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: