Lebap welaýatynyň hojalyklarynda güýzlük ýeralma ýetişdirilýär

Şu günler Lebap welaýatynyň hojalyklarynda güýzlük ýeralma ideg işleri alnyp barylýar. Bu azyklyk ekin 900 gektar meýdana ekilip, onda gowy gögeriş alyndy. Onuň her gektaryndan 140 sentner hasyl alynmagyna garaşylýar. Şonda 12 müň 600 tonna ýeralma ýygnalar.

Bu ekin Çärjew etrabynda 250 gektarda, Dänew etrabynda 120 gektarda, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 180 we 160 gektar meýdanda ekildi.

1 müň 400 gektar meýdanda ekilen ýazlyk ýeralmadan şu ýylyň tomsunda 19 müň 666 tonna hasyl ýygnaldy. Bu her gektaryň hasyllylygynyň 140 sentnerden geçendigini aňladaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector