10 müň 212 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar gurulýar

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň täze sowadyjy ammarynyň gurluşygy dowam edýär.

Bu kärhananyň täze gurulýan sowadyjy ammary gök-bakja we miwe önümleriniň 10 müň 212 tonnasyny saklamaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň Mary şäherinde ýerleşýän gök-bakja we miwe önümlerini saklaýan sowadyjy ammarynda saklanylýan gök-bakja we miwe önümleri sarp edijilere yzygiderli ugradylýar. Bu ammar 2 müň tonna önümi saklanylmagyna we azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, bahalaryň elýeterligini gazanmaga şert döredýär.

Adblock
detector