JEMGYÝET

Türkiýede täze binalar gurlup başlandy

Şu gün Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremesinde weýra bolan öýleriň ornuna täzeleri gurlyp başlandy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 23-nji martda weýrançylyga uçran şäherlerde täze binalaryň gurlup başlanjakdygyny aýtdy.

Ýer titremesiniň iň köp weýran eden ýeri Kahramanmaraş etrabydyr. Deslapky maglumatlara görä, Türkiýäniň ykdysadyýeti bu tebigy heläkçilik zerarly 103 milliard dollar zyýan çekdi. 50 müňden gowrak adam heläk boldy we 100 töweregi adam agyr ýaralandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: