JEMGYÝET

2022-nji ýyl: ýatda galan wakalar

 Ýylyň tamamlanyp barýan günleri edilen işler, ýetilen sepgitler ýatlanylýar. Biz hem, Lebap welaýatynda edilen işlere gysgaça syn berdik. Bu şu ýyl ykdysady we durmuş ähmiýetli binalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Aşakda olaryň sanawyny berýäris:

 Kerki etrap kazyýetiniň edara binasy;

 Kerki etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy;

 Köýtendag etrabynda Türkmenbaşy paýdarlar täjirçilik bankynyň Magdanly şäher şahamçasynyň edara binasy;

 Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda çeper halyçylyk kärhanasy;

 Türkmenabat şäherinde «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasynyň dermanhanasy;

 Saýat etrabynda 40-njy orta mekdep we 25-nji çagalar bagy;

 Türkmenabat şäherinde döwrebap awtomenzil;

 «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw-tehniki hyzmat ediş merkezi;

 Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 4 gatly 24 öýli täze ýaşaýyş jaýy;

 Türkmenabat şäherinde 3 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy;

 «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi;

 Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan «Üçajy — Zerger» gaz geçirijisi;

 Türkmenabat şäherinde 100 sany kottej toplumy;

 Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 40 sany 4 gatly hersi 32 öýli ýaşaýyş jaý toplumy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: