JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti suw dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy

27-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýakyn wagtda Kerki şäherine gitmegi we şol ýerde hemişelik esasda suw dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy. Merkeziň göçme mejlisleri suwuň ýagdaýyna görä geçiriler.

Prezident welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de, döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmagy, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: