Gül diýara Nowruz geldi.
Gündogar halklaryň aglabasynda şol sanda külli musulman dünýäsinde dabara bilen bellenýän Nowruz baýramy gadymy Lebap topragynda giňden şatlyk-şowhuna beslenip dur.
Nowruz baýramyny her ýylyň mart aýynyň 21-de gije bilen gündiziň ýazky deňleşiginde bellemeklik ýüzlerçe ýyl bäri bizde däbe öwrülip galdy.
“Nowruz” –pars sözi bolup, “Now” – täze, “ruz” – gün, “Täze gün” diýen düşünjäni aňladýar. Ol tebigatyň işjeň janlanýan günlerinde bellenýär.
Nowruzyň musulman dini bilen baglanyşygy ýokdur. Onuň yslam dini döremezden öň hem bellenendigini taryhy maglumatlar, galyberse-de, Gündogaryň beýik akyldary Omar Haýýamyň “Nowruznama” diýen işinde bellenýär. Nowruzyň otparazlyk dininiň hereket eden döwründe bellenendigine şaýatlyk edýän käbir däpleriň saklanyp galmagy-da muňa şaýatlyk edýär. Häzir hem nowruz baýramynda şaman oduny ýakyp, onuň daşynda aýlanmak, oduň üstünden böküp geçmek ýaly däpler berjaý edilýär. Munuň beýle edilmegi “Şeýle etseň günäleriň dökülýärmiş, jyn-arwah golaýyňa gelmeýärmiş” diýen düşünje bilen baglanyşyklydyr.
Nowruz baýramynyň bellenilmegi ýyllaryň geçmegi bilen öz mazmunyny onda berjaý edilmegi hökman hasaplanýan ençeme däpleriň hasabyna has hem baýlaşypdyr. Adamlar bu baýramyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Baýramyň hormatyna öýdäkileriň hemmesine täze eşik tikilipdir. Hat-da baýlar hem öz batraklaryna birlaý täze eşik geýdiripdir. Nowruz baýrmaynda hiňňildik uçmak däbi-de ýüze çykypdyr. Bu, bir tarapdan, saglyk üçin, ikinji tarapdan, günäler dökülýär diýen ynanç bilen edilipdir. Bu asylly däp şu günler hem dowam etdirilýär. Nowruz baýramynda ýedi hilli nahar taýýarlamak ýaly däpler döräpdir. Şol naharlardan gelen myhmanlara, goňşy-golamlara, hassalara dadyrmak, olara hödür-kerem etmek däpleri ýola goýlupdyr. Ýedi dürli nahar taýýarlamak däbiniň musulmaçylyk bilen bagly bolmagy gaty mümkin.
Nowruzyň tagamydyr ýarma, göje, şüle, mäş.
Ýöne şolaň içinde hökmany bolsun unaş.
Datly tagam tanaman eger atsaňyz bije,
Bijäňiz oňa düşer onuň ady göje.
Sogany gowursaňyz käşirdir tomat bile,
Tüwini hem atsaňyz ine taýýardyr şüle.
Şeýle goşgy setirleriniň üsti bilen çagajyklara Nowruz tagamlarynyň atlaryny öwredipdirler.
Nowruz baýramynyň birinji tagamy “Semeni” hasaplanýar. Semeniniň taýýarlanmagy Pygamberimiz Muhammet Aleýhyssalamyň maşgalasy bilen baglanyşyklydygy barada özboluşly rowaýat bar. Pygamberimiz bugdaý ekjek bolýar we tiz gögerer umydy bilen tohumlyk bugdaýynyň üstüne suw sepip, ony ezip goýýar. Wagtynda bir sebäp bilen ýerini taýýar edip bilmeýär. Ezilen bugdaý bolsa gök çykarýar. Tohumyň ekişe ýaramajagyna göz ýetiren Pygamberimiz aýaly Äşä gögeren tohumdan bir zat bişirmegi buýurýar. Äşe gyzy Patma bilen ezilen bugdaýdan özboluşly süýji tagam bişirýär. Ol biziň her ýyl martda – Nowruzda höwes bilen iýýän semenimiz bolmaly. Semeni iýlip bolansoň, Äşe bilen Patmanyň adyna doga-töwir etmegem şondan galypdyr. Semenä Äşe-Patmanyň aşy-da diýilýär.
Nowruz baýramy öňem Lebap topragynda aýratyn dabara bilen bellenipdir. Adamlar Nowruz baýramyna çenli ähli edilmeli işlerini gutarypdyrlar. Şol gün meýdan işleri, ekin ekmek, ýer sürmek bolmandyr. Adamlar garyndaşlaryna myhmançylyga barypdyrlar, myhman kabul edipdirler, aýdym-saz edip, tans oýnapdyrlar. Taýýarlanan tagamlardan işdä bilen iýipdirler. Aýratynam, “Gazandoldurdy” däbi sahylygyň, eli açyklygyň alamaty hökmünde has hem dabaralanypdyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň
mugallymy Kurbanowa Şirinjan