Halaç etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagy bilen etrabyň iri edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen mowzukda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Oňa sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren we Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar.
Kümüş saçly eneleriň hem-de ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň maşgala abadançylygyny goramakda, öý-ojagy abat saklamakda, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde zenan maşgalalara aýratyn möhüm ornuň degişlidigi barada eden söhbedi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.