BIZE YAZYARLAR

Sport – saglyk hem ruhubelentlikdir!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen sportyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmeginiň netijesinde amala aşyrylýan giň ähmiýetli işler döwletli tutumlaryň uzak geljegi nazarlaýandygynyň aýdyň kepilidir. Güneşli Diýarymyzda soňky ýyllarda raýatlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bilen birlikde halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda bolsa sport aýratyn orny eýeleýär. Sport asylly maksatlary durmuşa geçirmekde, ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyny gazanmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirkizaman stadionlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin şertler döredilen täze mekdepleriň gurulmagy halkyň hatyrasyna, geljekki nesilleriň saglygy hem bagtly durmuşy üçin edilýän aladalardyr. Güneşli Diýarymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalary bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hataryna ýaşlaryň köp sanlysyny çekmäge aýratyn ähmiýet berdi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanylýan ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak barada döwlet derejesinde maksatnamalar düzülip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýändigi hem bellärliklidir. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze Kanunlary kabul etmek, öňki bar bolan Kanunlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ýagny, kämilleşdirmek ugrundaky alnyp barylýan işler hem yzygiderli häsiýete eýedir. Bu ugurdaky kadalaşdyryjy namalar raýatlarymyzyň sagdyn jemgyýetde, asuda durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilendir.

Biz ýaşlar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 Oguljemal Baltaýewa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: