TARYH

Türkiýede rim imperatorynyň heýkeliniň böleklerini tapdylar

Türk arheologlary rim imperatory Adrianyň takmynan mundan 1900 ýyl ozal ýasalan heýkeliniň alty bölegini tapdylar.
Möhüm tapyndy Aýdyn welaýatynyň Albabanda antiki şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri döwründe ýüze çykdy, diýip «mail.ru» habar berýär. Şäher biziň eramyzdan öňki II asyrdan başlap, Rimiň dolandyrmagynda boldy.
Alymlar heýkeli Alabanda 120-nji ýylda getirendirler we parlamentiň jaýynda oturdandyrlar diýip hasaplaýarlar. Onuň Adrianyň gelmegine gabat getirilen bolmagy ähtimal. Rim imperatorynyň Anatolä beýleki hökümdarlardan köp gelendigi mälim.
Häzir arheologlar heýkeliň ýetmeýän böleklerini gözleýärler. Soňra ony Aýdyn şäheriniň muzeýine bererler.
Gadymy şäherde gazuw-agtaryş işleri 2015-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Arheologlaryň öňünde 500 gektar meýdany öwrenmek wezipesi dur.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: