TARYH

Alymlar «batgalygyň adamynyň» mundan 2400 ýyl öň näme iýendigini anykladylar

Daniýaly alymlar Nina Nilseniň baştutanlygynda Silkeborg muzeýinde saklanylýan «batgalygyň adamy» diýlip atlandyrylan, ýaşy 2400 ýyla barabar mumyýany jikme-jik seljerdiler. Barlaglar onuň iýmitini näme düzendigini, hatda soňky gezek näme iýendigini anyklamaga kömek etdi, diýip, «Российская газета» ýazýar. Barlaglar onuň soňky naharynyň arpadan, zygyrdan we solgun persikariýa ady bilen mälim bolan ösümligiň dänelerinden taýýarlanan şüle iýendigini görkezdi. Seljerme bu şüläniň toýun küýzede taýýarlanylandygyny we azajyk köýendigini anykladylar. Käwagtlar «batgalygyň adamy»  balyk bilen iýmitlenipdir. Mumyýany 1950-nji ýylda Daniýadan tapdylar. Mumyýalaşmak batgalyk şertlerinde tebigy ýagdaýda bolup geçipdir. Şonuň üçin hem alymlar ony «batgalygyň adamy» diýip atlandyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: