Köýtendag — dinozawrlaryň yzlarynyň saklanyp galan ýeri
Soňky ýyllarda Köýtendag syýahatçylaryňam, alymlaryňam ünsüni köp çekýär. Onuň sebäpleriniň biri dinozawrlaryň yzlarynyň saklanyp galmagyndadyr. Italiýaly geolog, paleontolog Federiko Fantiniň aýtmagyna görä, bu ýerdäki äpet jandarlaryň yzlarynyň ýura döwrüne degişlidir. Ýagny, olar takmynan 150 million ýyl mundan ozal galdyrlypdyr. Hasaba alnan yzlaryň sany 2000-den geçýär. Olaryň 1 500-e golaýyny bolsa alymlar öwrenipdirler.
Dinozawrlaryň yzlary Amerikada, Koreýada, Afrikada, Hytaýda, Gruziýada hem tapylypdyr, ýöne paleontologlar Köýtendagdaky yzlaryň örän oňat saklanyp galandygyny aýdýarlar.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Gurban Amannyýazow tarapyndan Hojaýpil obasynyň, takmynan, iki kilometr gündogarynda dinozawrlaryň yzlary saklanyp galan meýdança açylandan soň Köýtendag diýlende, ilki bilen bu äpet jandarlaryň yzlary göz öňüne getirilip başlandy. Bu ýere syýahata gelýänleriň sanynyň artmagy hem hut açyş bilen baglanyşyklydyr. Köýten obasyna gelen syýahatçylar ugruny ilki bilen şu meýdança gönükdirýärler we beýleki gözelliklere tomaşa etmäni soňa goýýarlar.
2012-nji ýylda bu ýere Halkara ylmy ekspedisiýasy guralypdy we onuň işiniň netijesi boýunça «Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri» atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi.