SPORT WE SYÝAHAT

«Ýang Boys» bilen bolan duşuşykda Ronaldu öz toparyny ýeňlişden halas edip bilmedi

Angilýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby Çempionlaryň ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň turunda myhmançylykda Şweýsariýnayň «Ýang Boys» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Duşuşyk Bernde «Stad de Sýuiss» stadionynda geçirildi. Bu barada «ТАСС» ýazýar.

Myhmanlardan Kriştianu Ronaldu tapawutlandy (13-nji minutda). Bu onuň turnirdäki 135-nji goly boldy. Şeýle görkeziji boýunça ol  ýeke-täk rekordsmen bolmagynda galýar. Ýer eýelerinden Nikolas Mumi Ngamalýo (66) we Jordan Sibaço (90+5) gol urdular. 35-nji minutda «Mançester Ýunaýtediň» goragçysy Aron Wan-Bissako oýundan çykaryldy we şondan soň topar azlykda oýnady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: