TARYH

«Daş metjit» halk senetleri muzeýinde Puşkiniň haly portreti saklanylýar

«Könürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýinde Puşkiniň haly portreti saklanylýar, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ol 1987-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden muzeýe berilipdir.

Bu halyny baryp uruş ýyllary — 1943-nji ýylda «Türkmenhaly» çeper eksperimental ussahanasynyň işgärleri Ene Hydyrowa bilen Jeýran Ahmedowa dokapdyrlar.

Puşkiniň haly portretiniň şahyryň şeýle žanrda ýerine ýetirilen keşbiniň ilkinji we ýeke-täk nusgasy bolmagam mümkin.

Boýy – 1,28 metr, ini – 1,3 metr bolan haly diňe bir tebigy reňkler ulanylan goýun ýüňünden däl, eýsem, düýe ýüňünden hem dokalypdyr. Çeper elli zenanlar onda gadymy «pürdek gül», «söýnek» we beýelki gölleri ulanypdyrlar.

Haly dokalyş tilsimi onuň Pendi sebitine, ýagny Mary welaýatyna degişlidigini görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: