DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Facebook», «Twitter» и «Telegram» köp mukdarda jerime tölemeli edildi

Moskwanyň ylalaşdyryjy kazyýeti tarapyndan Russiýada gadagan edilen kontenti aýyrmakdan boýun gaçyrandygy üçin «Facebook» 21 million rubl jerime tölemeli edildi. Indi oňa salnan jerimäniň umumy mukdary 90 million rubla ýetdi. Bu barada «ТАСС»-a  kazyýetde habar berdiler.

Şonuň ýaly-da, «Twitter»-e 5 million rubl, «Telegram» messenjerine 9 million rubl jerime salyndy. Ikisiniň hem sebäbi — Russiýada gadagan edilen kontenti aýyrmanlygy. Indi «Twitter»-iň umumy jerimesi 45 million rubla, «Telegram»-yňky — 35 million rubla barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: