DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkiýede elektrik energiýasynda işleýän traktor öndüriler

Türkiýede öndürilen elektrik energiýasy bilen işleýän traktor her ýylda 133 müň liralyk ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, türk metbugatyna salgylanmak bilen, «Bereketli toprak» gazeti ýazýar.
Onda traktorlarda oturdyljak batareýalaryň ömrüniň 20 ýyla çenli ýetjekdigi barada aýdylýar. Şonça wagtdan soň hem batareýalar birnäçe wagtlap doly güýjüniň 80 göteriminde işläp biler.
Traktoryň batareýasyny elektrik energiýasy bilen iýmitlendirmek (zarýadlandyrmak) üçin 45-den 55 minuda çenli aralykda wagt gerek. 105 at güýjüne eýe bolan traktor dizel bilen işleýän traktorlardan 8 esse az çykdajy talap eder.
Eger bir traktor ýylda 750 sagat işleýär diýlip hasap edilse, bu elektrik energiýasy bilen işleýän traktoryň ýangyja sarp edilýän serişdäniň her ýyl 133 müň lirasyny tygşytlamaga mümkinçilik berjekdigini görkezýär. Türkiýede her ýyl şeýle traktorlaryň 10 müň sanysyny öndürmeklik meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply