Alymlar gök çaýyň çiş keselleriniň öýjüklerini ýok etmek ukybynyň bardygyny ýüze çykardylar
Gök çaýyň uçup gidýän maddalary p53 belogynyň molekulalaryny döredip, çiş keselleriniň (ragyň) öýjüklerini öz-özüni ýok etmäge mejbur edýär. p53 belogynyň molekulasy genomyň bitewiligini barlamaga jogap berýär. Barlaglarynyň netijelerini «Nature Communications» žurnalynda çap eden amerikan alymlary şeýle netijä geldiler. Bu baradaky maglumat «mail.ru»-da çap edildi.
p53 geni DNK-synda düýpli bozulmalar emele gelen ýagdaýynda öz-özüni ýok edýän mehanizme jogap berýän belogy öndürilişini dolandyrýar. Mutasiýanyň netijesinde bu gende dürli çiş keselleriniň çişi emele gelýär. Üstesinede-de, şeýle mutasiýalaryň netijesinde çiş himiýaterapiýa gowy garşylyk görkezýär.
Rensseler Politehniki institutynyň (ABŞ) professory Çunýuý Wan we onuň kärdeşleri EGCG-niň (gallat epigallokatehinanyň) bu roly ýerine ýetirip biljekdigini ýüze çykardylar. Ol bolsa gök çaýy ýapraklarynda we beýleki azyklyk ösümliklerde bar. EGCG adamyň we haýwanlaryň organizmindäki sowuklamalary basyp bilýän güýçli antioksidantdyr.