MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün Türkmenistanda hasyl toýy toýlanýar

Şu gün bütin Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda hem hasyl toýy bellenilýär.
Lebaply daýhanlar özleriniň hünär baýramyna sowgatly geldiler. Olar şu ýyl 310 müň tonnadan geçirip bugdaý, 320 müň tonnadan artyk pagta ýygnadylar. Ýakyn günlerde şalynyň 47,4 müň tonnasynyň ýygnalmagyna garaşylýar.
2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijilere 10 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi daýhanlara we oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçilere uly goldaw boldy.
Welaýatda gök, bakja ekinleriniň we miweli agaçlaryň ekilýän meýdany hem giňeldilýär. Bu bolsa içerki bazarda özümizde öndürilýän azyk önümleriniň paýynyň barha artmagyna şert döredýär. Daýhan birleşikleri bilen bir hatarda oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçiler, hususy önüm öndürijiler hem az däl. Olaryň hatarynda «Tebigy ekin», «Ýunus-daýhan» daýhan hojalyklaryny, «Altyn gül» hususy kärhanasyny görkezmek bolar. Bu beýleki hususyýetçiler içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän gök, bakja we miwe önümlerini bilen üpjün etmekde işjeňlik görkezýärler. Et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini öndürmekde hem telekeçileriň paýy uludyr.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» welaýatda oba hojalyk önümlerininiň öndürilişini mundan beýläk artdyrmagyň anyk möhletleri we möçberi kesgitlenen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply