DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Keramatly «gyzyl dag»

Awstraliýadaky Uluru dagy ýerli ýaşaýjylar üçin keramatly ýerleriň biri hasaplanýar. Onuň depesine çykmaklyk gadagan edilendir. Dagyň uzynlygy 3,6, ini 2,9 kilometr, beýikligi bolsa 348 metr. Şeýle hem, alymlaryň aýtmaklaryna görä, dag ýeriň aşaklygyna hem 6 kilometre çenli gömlüp giden. «Gyzyl dag» adyny alan bolsa-da, ol hemişe gyzyl öwsüp durmaýar, ýagny, onuň reňki Gün şöhlesiniň düşüşine görä üýtgeýär. Günüň dowamynda Uluru dagyny dürli reňklerde, ýagny, gyzyl, altynsöw we goňur gyzyl reňklerde görmek mümkin. Onuň köpräk gyzyl görünmegini dag daşlarynyň düzümindäki demriň köplügi bilen düşündirýärler. Dagyň aşagyndaky gowakda bolsa gaýanyň ýüzüne oýulyp çekilen dürli şekiller bolup, olar ýerli ýaşaýjylaryň taryhy we gelip çykyşy bilen baglanyşyklydyr. Çölüň ortarasyndaky bu dagyň emele gelmegi bilen baglanyşykly dürli pikirler aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: