DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tizlikde Notr-Dam Buthanasynda dikeldiş işleri başlanar

Parižiň Ene Hudaýynyň (Богоматери) Buthanasynyň gurluşyny berkitmek we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler tamamlandy. Bu barada habar «ТАСС» berýär.

Hünärmenleriň meýilnamalaryna laýyklykda, ilkinji restawrasiýa (dikeldiş) işleri alymyzdaky gyşda başlanar.

«Agence France-Presse»- niň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn günlerde buthanany dikeltmek, onuň diwarlaryny we poluny arassalamak boýunça kompaniýalary saýlap almak üçin bäsleşik yglan ediler. Şu ýylyň martynda Notr Damyň şpilini (depesiniň çür bolup gutarýan ujuny, inçe gümmezini) dikeltmek üçin binagärler Fransiýanyň tokaýlaryndan birnäçe ýüz ýyllyk dublaryň müň töweregini saýlap alandyklary mälim boldy. Hünärmenler onuň gurluşyny 2022-nji ýylyň güýzünde dikeldip başlamagy göz öňünde tutýarlar.

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Notr Dam buthanasynda güýçli ýangyn döräpdi.

Ýene-de iki ýyldan Parižiň Ene Hudaýynyň Buthanasyna 860 ýyl dolýar. Onuň esasynyň ilkinji daşy 1163-nji ýylda goýlupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: