JEMGYÝET

Amerikan elektromobili uzak aralygy geçmegiň täze rekordyny goýdy

Dolulygyna elektrikde ýöreýän «Lucid Air» sedany batareýiniň bir zarýadynda 529 mil (837 km) geçmäge ukyply, diýip «mail.ru» ýazýar.

Şeýle netijäni «Dream Edition Range» sedanynyň 19 dýumli tigir diskli görnüşi görkezdi. Onuň 21 dýumli diskde geçýän ýoly 774 kilometre çenli gysgalýar. «Dream Edition» lineýkasynyň awtomobilleri kuwwaty 933 at güýjüne barabar.

«Dream Edition Performance»-niň 19 dýumli tigirli modifikasiýasy bir zarýadda 758 kilometr (uly radiusly tigirde 725 kilometr) geçip bilýär. «Lucid Air»-iň bu görnüşi 1111 at güýjüni berýär.

«Lucid Air» sedanynyň («Grand Touring» midfikasiýasy)  iň elýeteriniň bahasy 139 müň dollara barabar bolar. Şeýle ulag tigir diskiniň radiusyna baglylykda 830 ýa-da 754 kilometr geçip biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: