DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Mask bir günde akyla sygmajak derejede ýitgi çekdi

«Forbes» žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask bir gije-gündizde 16,1 milliard dollaryny ýitirdi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda işewüriň emläginiň onuň «Tesla» kompaniýasynyň 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça şowsuz maliýe görkezijileri bilen baglylykda kemelendigi bellenýär. Ýagny «Teslanyň» paýnamalary pes girdejilik we satuwlar sebäpli çärýek hasabaty çap edilenden soňra 9,3 göterim arzanlady.

2023-nji ýylyň aprelindäki hasabata görä, Maska «Tesla» ulaglaryny öndüriji kompaniýanyň paýnamalarynyň 13 göterime golaýy degişlidir.

«Bloombergiň» ýazmagyna görä, Ilon Mask şu ýyl 72,6 milliard dollar girdeji gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: