TÜRKMENISTAN HABARLARY

Raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul ediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: