YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda owlak-guzy almak baradaky meýilnama berjaý edildi

Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hojalyklaryndaky 48,5 müňden gowrak ene dowarlardan şu ýazda 44 müň 280 sany owlak-guzy almak baradaky meýilnama abraý bilen amal edildi.

Häzirki wagtda birleşigiň Serdar, Etrek we Türkmenbaşy etraplaryndaky «Gyzylarbat», «Gyzylbaýyr», «Balkan» maldarçylyk hojalyklarynda şu ýylda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnama abraý bilen berjaý edildi. Dowarlardan alnan ýaş mallaryň agramly bölegi eýýäm ösdürimek üçin galdyryldy. Häzirki wagtda olara sonarly örülerde zooweterinariýanyň talabyna laýyk ideg edilýär. Şeýle hem birleşik boýunça düýelerden şu ýyl 699 sany köşek almak baradaky meýilnama hem üstünlikli berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: