YKDYSADYÝET

Tamamlanyp barýan ýylda «Gazprom»-yň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberi 10 milliard kub metre barabar bolar

2021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň saýtynda habar berilýär.

Diplomatyň belleýşi ýaly, bu ýylda Russiýanyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberi görnetin bolar.

Geljek ýylda türkmen gazynyň iberilişi barada aýdanymyzda, bu mesele «Gazprom» bilen «Türkmengazyň» arasyndaky gepleşiklerde maslahatlaşylar diýip, Blohin belledi.
2019-njy ýylyň iýulynda «Gazprom» we «Türkmengaz» bäş ýyl möhletde — 2024-nji ýylyň iýunyna çenli tebigy gazy satyn almak hakynda şertnama baglaşdylar. Şertnama laýyklykda, «Gazproma» iberiljek gazyň möçberi ýylda 5,5 mlrd kub metre barabar bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: