YKDYSADYÝET

«Gerçek» hususy kärhanasy aýakgap önümçiligini ösdürýär

«Gerçek» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri sekiz million jübütden gowrak dürli aýakgap öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, otuz göterimden köpdür. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu ýerde erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşleri tikilýär. Häzirki wagta çenli bu kärhana ähli möwsümler üçin aýakgaplaryň 650-den gowrak görnüşini — dürli ýaşdaky çagalar, erkekler we zenanlar üçin dürli aýakgaplary, sport aýakgaplaryny, rezin aýakgaplary, mekdep torbalaryny we başga-da şuňa meňzeş önümleri öndürmegi özleşdirdi.

Kärhananyň sintetik we ekologiýa taýdan arassa materiallardan öndürilen önümlerine diňe ýerli bazarda däl, eýsem daşary ýurtlaryň bazarlarynda isleg artýar. Ýeňil we amatly aýakgaplary ýurdumyzyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň raýatlary satyn alýarlar. Kärhananyň önümlerini Gazagystana ibermek barada hem gepleşik geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: