BIZE YAZYARLAR

Uzak ömrüň çeşmesi

Hünärmenler ösümlikleriň hem hem edil adamlar ýaly duýýarlygyny nygtaýarlar. Olaryň duýgulary bolmasa-da daş-töweregindäki hadysalardan täsirlenýärler. Mukamlary, owazlary öwrenýän alymlar sazyň ösümliklere we miweli baglara netijeli täsir edýändiginiň syrlaryny açypdyrlar, Gülli küýzäniň gapdalynda gyjak çalyp, 3 sagatdan soň, ulaldyjy enjam bilen barlag geçirilende, ýapragyň berkäp, hlorofil dänesiniň artýandygy kesgtlenýär. Ösümliklere ýakymly, gowy sözleri aýtsaň, olaryň ösüşine oňaýly täsir edýär eken.  

Miweli baglara, kädi, gawun, garpyz ýaly gök we bakja ekinlerine saz diňledenlerinde alymlar täsinlikleriň şaýady bolupdyrlar. Deňiz tolkunlarynyň, çeşme, şaglawuk, ýaprak ygşyldylarynyň, şemalyň, guş sesleriniň beýniniň magnit tolkunlaryny sazlaýjylyk, bejerijilik täsiri bar. Gadym wagtlar hassahanalarda ýörite saz çalyp, aýdym aýdyp bejerýän ussat sazanda-bagşylar güldürip, göwün açýan wäşiler saklanypdyr. Maslahat berip, ynandyryp keselden üstün çykmagy öwredýän ruhy hünärmenler bolupdyr.

Halk lukmançylygynda gyzamagy çalt ördürip, ýeňillik bilen geçmegi üçin gargy tüýdükde ýa-da dutarda ”Gyrmyzy köýnekli” sazy çalypdyrlar. Geçen asyryň başlarynda türkmenler köpçülikleýin keselleriň öňüni almak üçin ”Meşrep” diýen aýdym toplumyny ýerine ýetiripdirler.

Aýdym-sazlaryň adamyň aň-düşünjesine, dünýägaraýşyna rahatlandyryjy, ruhlandyryjy, kadalaşdyrjy, agyry aýryjy, göwün arassalaýjy, pikir durlaýjy, gorkyny aýryjy, ýatkeşligi dikeldiji, bagtyýarlyk duýgusyny dörediji täsiriniň bardygy lukmançylyk ylmynda giňden bellidir.

Rahmet Beşimow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: